Afrika ýük ugratmak isleýärsiňizmi? Biz yklymyň ähli ýurtlaryna eltmeleri ygtybarly transport serişdelerini we ähli hyzmatlary ulanyp amala aşyrýarys.

Haýsy transporty ulanmalydygy barada pikirlenýäňizmi? Köp sanly harytlar, önümler, çig mallar we enjamlar uçarlaryň üsti bilen gatnadylýarlar. Az sanly ýükler deňiz ugurlary, we minimal sanly ýükler gury ýer – Liwanyň üsti boýunça ugradylýarlar.  Marşrudy we eltmäniň görnüşini siz saýlaýarsyňyz, Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasy bolsa eltmäni başynda soňuna çenli gurnar.

Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaş bolanyňyzda ýükleri uçaryň üsti bilen gatnatmak – bu amatly we peýdaly. Häzirkizaman hyzmatlary araçylara ýüz tutmazdan howa gämisini buýurmaga mümkinçilik berýär.

Ýükleriň haýsy görnüşlerini Afrika uçaryň üsti bilen ugratmaly:

  • Iýmit önümleri,
  • dermanlar we lukmançylyk enjamlary,
  • transport serişdeleri üçin şaýlar,
  • kauçukdan ýasalan önümler: tekerler, polimer esaslar,
  • däne önümleri,
  • gara demirler,
  • awtoulaglar, motosikl, gaýyklar, katerler,
  • önümçilik enjamlary, gazanlar,
  • alýuminiý, agaç,
  • karton, kagyz,
  • oba hojalyk çig mallary,
  • himiki önümçilik: ýaşaýyş-durmuş, müşk, lukmançylyk, dökünler,
  • mehaniki gurluşlar, enjamlar,
  • kompýuterler, elektronika, orgtehnika,
  • optiki enjamlar – ölçeýiş, barlaýyş, surata alyş,
  • ýaşaýyş-durmuş enjamlary,
  • egin-eşik we aýakgap.
Доставка грузов в Африку

Yza gaýdyş ugurlarynda hem halkara ýük awiagatnadyşlary möhümdir. Yklymda kobalty, demri, misi, marganesi gaýtadan işleýän köp sanly daşary ýurt kompaniýalary, kärhanalar, kompaniýalar hereket edýärler. Şeýle-de, Afrikadan Ýewraziýa ýurtlaryna:

  • azyk harytlary,
  • gymmatbaha metallary,
  • almazlary,
  • ýadygärlik sowgat önümlerini,
  • miwe we ir-iýmişler (bananlar, awokado, ananaslar, ýertudana, pyrtykal we ş.m),
  • hozlar we zenjebil,
  • kakao we kofe,
  • ösümlikleiň we otlaryň käbir görnüşleri.

Awiaýükgatnawy – bu harytlaryň we şahsy zatlaryň, jandarlaryň we enjamlaryň eltmesiniň iň çalt çykalgasy. Haçanda gürrüň çalt zaýalanýan önümler, derman serişdeleri we gyssagly ugradylmalar barada gidende, uçar- iň gowy çykalgadyr.

Uçar bilen ýükleri eltmegiň artykmaçlyklary:

  • Az wagtda ýerine ýetirilýär (eltme bir günüň dowamynda amala aşyrylýar),
  • ýük uçary tonna ýüki sygdyryp bilýär,
  • awiagatnatmalaryň howpsuzlygy (iň uly oňaýsyzlyk – uly bolmadyk turbulentlik),
  • ýükleriň abatlygy (häzirkizaman yzarlaýyş we gözegçilik ulgamlary),
  • bortdan zat ogurlanmaga hiç hili mümkinçilik ýok,
  • ýük awiagatnatmalary islendik marşrutlar boýunça amala aşyrylýar, kyn ýagdaýlarda dikuçarlar işe girizilýär.

Uçaryň üsti bilen ýük gatnatmasyny nähili tiz wagtda buýurmaly?

Aviav TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň häzirkizaman internet hyzmaty birnäçe minudyň dowamynda awiaeltmäni buýurmaga mümkinçilik berer. Görkezilen internet sahypada buýurmany goýmak ýeterlikdir; görkezilmeli maglumatlar:

  • uçuşyň we gonuşyň punktlary,
  • ugramak senesi,
  • ýüküň görnüşi,
  • olaryň takmynan agramy we göwrümi,
  • goşmaça hyzmatlaryň sanawy,
  • habarlaşmak üçin maglumatlar.

Siz bilen gysga wagtyň dowamynda menejer habarlaşar we dürli nyrhly eltme görnüşlerini hödürlär. Nyrhlary AVIAV TM (Cofrance SARL) awiadellaly däl-de, eltmäni ýerine ýetirýän awiakompaniýa kesgitleýär. Ylalaşygy baglanyşmagy we tölegi amala aşyrmak uzak aralykdan hem mümkindir.

Awiasion eltmäniň görnüşleri

Ýükleriň awiagatnatmalary üçin dürli uçarlar we dikuçarlar niýetlenendir. AVIAV TM (Cofrance SARL) bazasynda planetanyň dürli künjegine ugramaga taýýar modelleriň ýüz müňden gowragy bar. Müşderä aşakdaky mümkinçilikler hödürlenilýär:

  • amatly nyrhdan ýük eltmesini amala aşyrjak awiakompaniýany saýlamak,
  • ýük uçaryny ýa-da şahsy biznes-jet kireýine almak (uly bolmadyk ugradylmalar üçin),
  • dikuçary kireýine almak (Afrikanyň içinde ýük eltmeleri üçin).

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy kyn we adaty bolmadyk marşrutlary gurnamaga taýýardyr.  Eger-de barmaly nokatda howa menzili bolmasa, onda ýükler golaýdaky uly şähere eltilip, ulag ýa-da dikuçar bilen eltilýär.

Eltilmäniň meýdany çäksizdir: siziň hyzmatyňyzda Afrikanyň ähli ýurtlaryna reýsler we islendik ýaşaýyş nokadynyň saýlawy bardyr. Kenýa, Alžir, Kongo, Seýşel adalary, Senegal, Marokko, Benin, Zambiýa, Tanzaniýa, Günorta Afrika Respublikasy ugurlarynda arzanladyş bar.

Uçarly eltmäni gurnamak

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy logistikanyň ähli hyzmatlaryny hödürlär:

  • eltmäniň takyk nyrhyny işläp çykararys,
  • ýükleri ammardan ýa-da beýleki görkezilen ýerden alarys,
  • ölçäris, gaplarys, bellik ederis,
  • uçuş howa menziline elteris,
  • gümrük proseduralaryny geçeris (import, eksport, getirme, äkitme we ş.m),
  • gerek bolan ýagdaýynda saklamak uçin ýer hödürläris,
  • resminamalary taýýarlarys: üsthatlar, kepilnamalar, rugsat bermeler,
  • ýüklere ätiýaçlandyryş hatyny resmileşdireris,
  • bortda zatlaryň we jandarlaryň edil şu görnüşine gerek şertleri dörederis,
  • barmaly nokatda ýükleri garşylarys,
  • kabul edijä eltip bereris,
  • ýükleri gapdan açarys, ýygnap bereris.

Biz şahsy buýrujylar bilen, şeýle hem iri guramalar bilen işleýäris. Müşderi bir gezeklik eltmäni, yzygider gatnatmany ýa-da hemişelik hyzmat edişe ylalaşyk baglanyşyp bilerler.

Eger-de size howply ýükleriň awiagatnatmasy gerek bolsa, onda AVIAV TM (Cofrance SARL) – iň takyk çözgüt. Biz beýle ýükler bilen 10 ýyldan hem gowrak wagt işleýäris, biziň tejribeli hukukçylarymyz getirmä we alyp gitmä gerekli resminamalary taýýarlarlar.

Biziň ýeke-täk işleşmeýän ýüklerimiz, awiagatnatmalara gadagan edilenlerdir: neşe serişdeleri, ýaraglar, pornoönümler, taryhy gymmatlyklar. Beýle ýükler kanun tarapyndan gadagan edilendir we AVIAV TM (Cofrance SARL) olary gatnatmaýar.

Ýük howa gämileri

Müşderilere giň bazada hasapda duran howa gämileriniň ýüz müňlerçesi ygtyýaryna berilýär. Olar iri transport serişdeleri, awiakompaniýalarynyň adaty awialaýnerleri, hususy biznes-jetler, dikuçarlar, ownuk awiasiýanyň tehnikalary.

Şahsy uçarlary buýran müşderilere dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň uçarlary hödürlenilýär, modeller:

  • Airbus, Boeing, Bombardier,Embraer, Sukhoi Superjet, Pilatus,  Fokker, Saab, Cessna, Dassault Aviation, Gulfstream, Beechcraft,

we dikuçarlary gurnaýan öňdebaryjy kompaniýalar, görnüşler:

  • Robinson, Mi, Airbus Eurocopter, Вell, Sikorsky, Agusta, Lycoming, Enstrom, RotorWay Exec, McDonnel-Douglas.

Eger-de size gyssagly ýükleri awiaeltmesini amala aşyrmak gerek bolsa, howa gämisiniň görnüşi uly ähmiýete eýedir.

Доставка грузов в Африку

Näme üçin AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasyna ýüz tutmaly?

    • Awiakompaniýalarynyň nyrhlary we şahsy eýeleriniň tassyklanan nyrhlarynyň üstüne hiç zat goşulmaýar,
    • reýsiň brony üçin 1 minut,
    • awiagatnatmany resmileşdirmek üçin 20 minut,
    • daş aradan hyzmat ediş: ylalaşyk we töleg internediň üsti bilen amala aşyrylýar,
    • gerekli awiakompaniýany we uçary saýlap bilmek mümkinçiligi ( nyrhy we amatlylygy boýunça),
    • eltmäni gurnamak «gapydan gapa»,
    • müşderä internet arkaly yzarlamak hyzmaty hödürlenilýär,
    • Afrikanyň iri howa menzilleri bilen hyzmatdaşlyk,
    • 100% goragly häzirkizaman internet hyzmatlary,
    • Afrikanyň awiasiýasy barada biz ähli zady bilýäris: yklymda 10 ýyl üstünlikli iş tejribesi,
    • Afrikanyň 18 ýurdunda ofislar we wekiliýetler,
    • Wyvern Ltd., ARGUS International, Avinode ýaly öňdebaryjy halkara guramalarynyň agzasy,
    • Biz şulara kepil geçýäris:
    • ähli işleriň hukuk taýdan arassalygy,
    • berk we takyk finans hasabaty,
    • 100% gizlinlik,
    • gijä galmalaryň we säginmelerň bolmazlygy.
    • Ýükleriň halkara awiagatnatmalary AVIAV TM (Cofrance SARL)-yň esasy iş ugurlarynyň biridir.

    AVIAV TM (Cofrance SARL) bilen ýükleriň awiagatnadylmasy – şahsy eltmäniň iň gowy görnüşi we işewürlik üçin iň oňat çykalgadyr.